تبليغاتX
مــقــصــد - اوغوز گونی نوروز گونی - اوغوز بایرامئنگئز قوتلی بولسئن!

بـه یـادبـود شـادروان پسرم مـقـصـدصـالـح

Hojanepes


Adamzadyñ taryhynda bahar baỳramçylygy hakynda dürli rowaỳatlara gabat gelỳäris. Ol hakda ilkinji ỳazgy maglumatlary “ çüỳ ” görnüşde ỳazuw döreden “Sümer” kowmuna degişli bolup durỳar. Sümerşynaslaryñ pikirine görä, Sümerler Orta Aziỳadan, ỳagny Türküstandan Beỳnul-nähreỳn / haezirki Yrak/ ỳurtlaryna ỳaỳrap, ol ỳerleriñ ilkinji jemgyỳetçilik medeniỳetini döreden, kowum bolupdyrlar.Ylmyñ çaklamasyna görä, sümer medeniỳeti türkmen halkynyñ gadymy medeniỳetine degişli hasap edilỳär. Ölaryñ gepleşik dili türki diller topary bolupdyr. Şonuñ üçin bahar baỳramy däbiniñ ilkinji dörän ỳeri Türküstanda, türki dilli kowumlarynyñ arasynda bolupdyr dimäge takyk esas döreỳär. Sümerler “ manzar” ỳagny planetara medeniỳetiñ esaseynda, belli däpleri ỳöerdipdirler. Olar bu güni “ A-Ki-til” diỳip atlandyrypdyrlar. “Til” sözi sümer dilinde “ỳaşaỳyş”, “täze dogluş” manyny añladypdyr. “Til”-“Dil” sözi “ỳürek” manysynda gelip, ỳaşaỳyş, diriligi añladyş häsiỳetinde klassiki /Magtymguly/ edebiỳatymyzda işledilyär. 

یتیپ گلیأن خلق آرا تازه یئل اوغوز بایرمچئلئغئنی أهلی ترکی ملّتلره و نوروز گونی بلله یأن بیله کی ملّتلره قوتلاماق بیلن گلجک تازه یئلده أهلی ماشغالا اوجاقلاردا آغزئبیرلیک و آبادانچئلئق آرزو ادیأریس!

فرا رسیدن جشن فرا ملّیتی سال نو اوغوز (نوروز) را به تمامی ملّتهای ترکی و سایر ملیتهای دخیل در این جشن بزرگ، ضمن تبریک آرزوی اتحاد اعضای خانواده ها و پیروزی در تمام امور زندگی را داریم!

وبلاگ مـقـصـد  

Nowruz baỳramçylygy ähli musulman ilatlarynyñ arasynda deñ derejede ahmiỳetli bolup, onuñ gelip çykyşy hakynda aỳdylanda welin, ol türki halklarynyñ arasyndan ỳaỳrandygy barada taryhy-ylmy çeşmeler subutnama berỳär. Taryh we jemgyyetçilik ylymlary nowruzyñ gelip çykyşyny adamzadyñ ilkinji medeniỳetiniñ başlangyçlary bolan Sümerlere degişlidigini nygtaỳar. Sümer medeniỳetiniñ ilaty örän hojalykçy we ekerançylyk bilen meşgul bolandyklary sebäpli, ekiş möwsümleriniñ wagtyny bellemek üçin ỳagny ekiş, yetişdiriş we hasyl alyş wagtlaryny taỳyn etmek bilen gün sanawyny görkeziji kalendaryñ zerurlygy ỳüze çykypdyr. Dünỳäniñ ilkinji dörän “Owur(Ur)” şäheriniñ sümer ilaty özlerine niỳetlän “ Zigorat” ybadathanalarynda astronomiỳa merkezlerini döredipdirler. Olar şol merkezlerde wagt görkeziji “ sagat” döredipdirler. Şol bir wagtyñ özünde gije bilen gündiziñ deñ derejede gelip durỳan senelerini hem tapypdyrlar. Bu astronomiỳa merkezinde ỳedi sany ỳyldyzyñ hereketdedigini açypdyrlar. Şeỳlelik bilen olar ilkinji gezek eỳỳamlary hepdelere bölüp şol ỳedi ỳyldyzyñ ady bilen hepdäniñ ỳedi günini atlandyrypdyrlar. Şol atlandyryş käbir gadymy milletleriñ dilinde henize çenli galypdyr. Mysal üçin:i
i1. “Sunday” sözi eger-de “sun” sözi asmandaky güne diỳlen bolsa, “day” sözi aỳlanyp duran gün senesini añladyp, birinji gün “ỳekşemme” gününe diỳlipdir.i
i2. “ Monday” ỳagny “Aỳ gün”,i
i3. “Mars” güni
i4. “Atarad” güni (Atarad ỳyldyzyñ adyna berilen),i
i5. “Žopiter” güni,i
i6. “Zöhre” güni
i7. “Saturan” güni.i

Ỳyldyz atlary bilen atlandyrylỳan hepde güleriniñ süşmegi, şol ỳyldyzlaryñ öz hakyky düzgüni boỳunça tertiplendirilmändir. Onuñ sebäbi şol bir asyryñ özünde münetjimlik enjamlarynyñ başlangyçdygy hem hasaplaỳyş ylymlarynyñ entäk pes derejede bolandygy bilen düşünip bolỳar. ...  Link to originali

 

نوشته شده توسط مقصد در ساعت 17:12 | لینک|   |  |...........................................................|بطرف بالا